Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tehas ştatynyň gubernatory prezidentlige dalaş etmekçi däl


Penşenbe güni ABŞ-nyň Tehas ştatynyň gubernatory Rik Perri Respublikan partiýadan prezident saýlawlaryna gatnaşmak ugrunda alyp barýan kampaniýasyny bes edýändigini yglan etdi.

“Men şu gün prezidentlik ugrundaky göreşden çykmak hem Respublikan partiýadan kandidat Nýut Gringiçi goldamak kararyna geldim. Men ony uzakdan görüji syýasatçy hem-de biziň ýurdumyzy ösdürip biljek adam hasaplaýaryn” diýip, Rik Perri Günorta Karolina ştatynda gurnalan metbugat konferensiýasynda aýtdy.

Şeýlelikde, häzirki wagt Respubikan partiýadan ABŞ-nyň prezidentlik saýlawlaryna resmi dalaşgär bolmak ugrunda Mit Romni, Nýut Gringiç, Rik Santorum we tehasly kongresmen Ron Pol özara bäsleşip, saýlaw kampaniýasyny dowam etdirýärler.
XS
SM
MD
LG