Sepleriň elýeterliligi

Belarusyň oppozisiýasy IIM-niň üstünden Parižin suduna şikaýat etdi


Penşenbe güni Fransiýada belarusly oppozisionerleriň bir topary Belarusyň içeri işler ministri Anatoliý Kuleşowyň üstünden şikaýat edip, Parižin suduna ýüz tutdy.

Oppozisiýa Anatoliý Kuleşowy ýurduň aktiwistlerine garşy gazaply çäreleri ulanmakda we gynamalara gatnaşykda aýyplaýar.

Şikaýatçylaryň aklawçysy Wilýam Burdon 2010-njy ýylyň 19-njy dekabrynda, prezident saýlawlarynyň güni Minskide oppozisiýanyň çykyşyny basyp ýatyrmak çärelerine ministriň näderejede gatnaşygynyň bardygy baradaky ýagdaýy anyklamak üçin, haýdan-haý derňewleriň başlanmagyna çagyryş etdi.
XS
SM
MD
LG