Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň LDPR partiýasy parlamente täze kanuny proýekti hödürledi


Orsyetiň Liberal-demokratik partiýasy penşenbe güni Orsýetiň prezidentine, parlamentiň iki palatasyna we Merkezi saýlaw komissiýasynyň agzalaryna bu Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygyny işden çetleşdirmäge ygtyýarlyk beriji täze kanuny proýekti Döwlet Dumasynyň garamagyna hödürledi.

LDPR fraksiýasy özüniň bu kanuny proýektine beren düşündiriş hatynda “Orsyetiň saýlawlar baradaky häzirki kanunçylygy Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygyny möhletinden öň wezipesinden boşatmak mümkinçiligini göz öňünde tutmaýar” diýip belläpdir.

Orsýetiň oppozisiýasy Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Wladimir Çurowyň wezipeden çekilmegine aýak direýär we geçenki parlament saýlawlarynda “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasynyň peýdasyna edilen gaplyklara ony jogapkär hasaplaýar.
XS
SM
MD
LG