Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede müňlerçe adam žurnalisti Grant Dinki ýatlap, ýörişe çykdy


Penşenbe güni Türkiýäniň Stambul şäherinde müňlerçe adam ermeni asylly belli türk žurnalisti Grant Dinkiň öldürilmeginiň bäşinji ýyl dönümine bagyşlanan ýörişe çykdy.

17-nji ýanwarda Türkiýäniň sudy şol jenaýaty gurnaýjylaryň birini ömürlik türme tussaglygyna höküm etdi. Ýöne, şol bir wagtyň özünde-de, bu ölümiň arkasynda duran terroristik topardan şol jenaýata gatnaşygy bolan 19 adam günäsiz bilindi. Şolaryň arasynda toparyň çak edilýän lideri-de bar.

Öldürilen žurnalistiň ýakynlary we köpsanly jemgyýetçilik wekilleri adam öldürenler bilen käbir döwlet resmileriniň arasyndaky aragatnaşyk barada aýdýarlar we şol gatnaşygyň derňelmändigine gahar-gazap bildirýärler.
XS
SM
MD
LG