Sepleriň elýeterliligi

Fransiýa Owganystandaky türgenleşik programmalaryny togtadýar


Anna güni Fransiýanyň prezidenti Nikolas Sarkozi çykyş edip, Fransiýanyň Owgansytanda ýerli güýçlere harby tälim bermegi we bilelikdäki operasiýalary geçirmegi togtadýandygyny aýtdy.

Mundan öňinçä, şu gün owgan armiýasynyň esgeridigi çak edilän bir adam dört fransuz esgerini atyp öldürdi.

“Biz owgan halkynyň dosty we ýarany. Ýöne owgan esgerleriniň fransuz esgerlerine garşy ot açmagy kabul ederliksizidir” diýip, Sarkozi çykyş etdi.

Resmileriň maglmatyna görä, ýurduň gündogaryndaky Kapisa welaýatynda ýüz beren bu wakada başga-da 17 fransuz esgeri ýaralanypdyr.

Owganystandaky halkara güýçleriniň hatarynda 3600 töweregi fransuz esgeri gulluk alyp barýar. 2001-nji ýyldan bäri olardan 80 töweregi öldi.
XS
SM
MD
LG