Sepleriň elýeterliligi

Paksitanda iki günbatarly raýat söweşijiler tarapyndan ogurlandy


Anna güni Pakistanyň Multan şäherinde söweşijiler tarapyndan iki sany günbatar raýaty alnyp gaçyldy. Bu barada ýerli polisiýa habar berýär.

Multan şäheriniň polisiýa edarasynyň başlygy Amir Zulfikar Hanyň maglumatyna görä, günbatarly raýatlar düýn giçlik, ýüzi örtgüli söweşijiler tarpayndan alnyp gaçylypdyr.

Italiýanyň daşary işler ministri ol ogurlananlaryň biriniň italiýanyň raýatydygyny aýtdy. Beýleki biriniň bolsa germaniýalydygy çak edilýär. Olaryň 2010-njy ýyldaky suw joşmalaryň pidalaryna hemaýat berýän hökümete degişli bolmadyk guramanyň wekilleri bolandygy çak edilýär.
XS
SM
MD
LG