Sepleriň elýeterliligi

Türkmen futbolçylary Gazagystanyň komandasyndan utuldylar


Orsýetiň Sankt-Peterburg şäherinde “Akalaşygyň kubogy” ady bilen ýaşlaryň arasynda geçirilýän halkara futbol ýaryşynda anna güni Türkmenistanyň ýaşlar komandasy Gazagystanyň komandasyndan 1:3 hasap bilen utuldy.

Penşenbe güni türkmen futbolçylary Estoniýanyň komandysyny 1:0 hasabynda ýeňmegi başarypdylar.

Türkmenistanyň komandasy “A” toparda oýnaýar we onuň düzüminde Orsýetiň, Gazagystanyň we Estonýanyň komandalary bar.

Indi türkmen fubolçylary Orsýetiň komandasy bilen duşuşmaly. Mundan öň gazak komandasy Orsýetiň toparyndan 0:1 hasabynda ýeňlipdi.
XS
SM
MD
LG