Sepleriň elýeterliligi

Kino sungatyna bagyşlanan ömür


Hojaguly Narlyýewiň "Gelin" filminde Maya Aymedowa bilen Hojam Owezgelenow baş rollarda.

Hojaguly Narlyýewiň "Gelin" filminde Maya Aymedowa bilen Hojam Owezgelenow baş rollarda.

21-nji ýanwarda türkmen kino sungatynyň iň görnükli wekillerinden biri, režissýor Hojaguly Narlyýew 75 ýaşady. Onuň ady tas ýarym asyr bäri kino söýüjileriň dilinden düşmän gelýär.


Hojaguly Narlyýew 1937-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda öňki Gyzylarbat bilen Gazanjygyň arasyndaky Goç obasynda dünýä inipdi. Ol 1960-njy ýylda Bütinsoýuz Döwlet kinomatografiýa institutynyň operatorçylyk fakultetini tamamlady hem “Türkmenfilm” kinostudiýasynda işe iberildi. Şol döwürdenem ol dürli filmleri surata düşürmek işine başlady.

Operatorlykdan başlanan uly ýol

Hojaguly Narlyýewiň ilkinji uly işi “Şükür bagşy” filimine operatorlyk boldy. Bu film 1963-nji ýylda ekrana çykdy. Belli kino režissýory Bulat Mansurow tarapyndan döredilen bu film ýüzugra uly meşhurlyga eýe boldy.

Owaly bilen, bu filme şol döwürde Bişkek şäherinde geçen Bütinsoýuz Belli türkmen kino režissýory Hojaguly Narlyýew.

Belli türkmen kino režissýory Hojaguly Narlyýew.

kinofestiwalynda birnäçe baýrak berildi. Yzysüre ol film barada dünýä belli ýazyjy Çingiz Aýtmatow “Gylyjy azala öwren saz” diýen at bilen düýpli makala ýazdy. Şol bir wagtyň özünde, filimi döredenleriň hatarynda onuň operatory Hojaguly Narlyýewiň ady-da dile düşdi.

Soňra ol Ýuriý Trifonowyň romany esasynda surata düşürilen we 1966-njy ýylda ekrana çykan “Teşneligiň gandyrylyşy” filminiň operatory boldy. Filmiň operatorlyk işi üçin H. Narlyýewe Bütinsoýuz kino festiwalynda aýratyn diplom berlidi. Şol filmde hem ol ilkinji gezek aktýor hökmünde surata düşüpdi.

1968-nji ýylda ekrana çykan, belli ýazyjy Andreý Platonowyň powesti esasynda döredilen “Gyrnak” filminiň operatory hem Hojaguly Narlyýew bolupdy. Bu klassyky eserleriň surata düşüriliş işlerine aktiw gatnaşan Hojaguly Narlyýew üçin bu tejribäniň aýratyn döredijilik mekdebi bolandygyny çaklasa bolar .

Režissýorlygyň beren miweleri

Hojaguly Narlyýewiň ilkinji režissýorlyk işi balykçylar durmuşyndan gürrüň beýrän “Gämiçiniň jany bir” diýen çeper filmi bolupdy. 1972-nji ýylda bolsa, ol “Gelin” filmini döretdi. Bu filmiň wakasy örän sada. Adamsy urşa giden ýaş gelniň öz gaýyn atasyna hyzmaty hem adamsyna, ojagyna wepalylygy, onuň beýik enelik arzuwy beýan edlýär. İňňän milli häsiýete eýe bolan, örän az sözli hem çuň mazmunly bu film şol dörän ýylynda yzly-yzyna 4 halkara baýragyna mynasyp bolupdy. Oňa 1973-nji ýylda SSSR-iň Döwlet baýragy berildi. Bu şo döwürdäki iň uly baýraklaryň biridi.

Şwesiýada ýaşayan türkmen ýazyjyzy Akmuhammet Welsapar H.Narlyýewiň bu milli filmleriniň ähmiýetine ýokary baha berip, şeýle diýdi: “Hojaguly Narly ‘Gelin’ hem ‘Pyragy – bagtdan jyda düşen’ filmlerinde Alty Garly bilen Bulat Mansurow ýaly zehinli hem tejribeli režissýorlaryň ýoluny dowam etdi. Hojaguly Narly, aýratynam, ‘Gelin’ filminde özüniň hakyky dörediji adamdygyny, hakyky milli türkmen kinorežissýorydygyny görkezdi”.

Magtymguly Pyragynyň ýaşlyk ýyllaryndan gürrüň berýän “Pyragy – bagtdan jyda” düşen filmi türkmen kino sungatynda ilkinji giň ekranly çeper kartina bolupdy.

Bu gürrüňi edilýän filmlerden daşary, ol türkmen zenanlarynyň durmuşyny hem ruhy dünýäsini açyp görkezýän “Ýok diýmegi başar” we “Aýal ata çykanda” filmlerini-de döretdi. Şol döwürlerde ol belli gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň “Asyrdan-da uzaga çeken gün” romany esasynda “Mankurt” filmini surata düşürdi.

Nojaguly Narlyýewiň tomaşaçylara mälim bolan soňky işlerinden biri bolan “Enäniň sesi” filmini ol 2010-njy ýylda surata düşürdi.

Watanda dörän böwetler

Garaşsyzlyk ýyllarynda köpsanly beýleki döredijilik edaralary bilen birlikde “Türkmenfilm” kinostudiýasy hem ýapyldy, onuň işgärleriniň köpüsi bolsa döredijilikden gyrakladylyp, goldawsyz galdyryldy.

Bu ýagdaý, öz gezeginde, köp döredijilik işgärleriniň ýurdy terk edip, başga ýurtlarda öz bagtlaryny synamaklaryna sebäp boldy. Zehinli kino režissýory Hojaguly Narlyýew hem indi köp ýyllar bäri Orsýetde ýaşaýar.

Hojaguly Narlyýew ýaly tejribeli kino işgärleriniň gaýtadan Türkmenistana gaýdyp baryp, täze milli filmleri döretmeklerine ýol açylar diýip garaşyp bolarmy diýip berlen soraga ýazyjy Akmuhammet Welsapar: “Meniň şoňa ynanasym gelýär. Sebäbi Hojaguly Narly ýaly adamlaryň ykbaly diňe olaryň öz ykbaly däl, ol halkyň ykbaly bilen baglanyşykly, biziň hemämiziň ykbalymyz bilen baglanyşykly. Hojaguly Narly, şonuň ýaly ýurduň öz içinde dilleri lal edilen adamlaryň müňlerçesi döredijilige, halkyň durmuşyna gaýdyp gelmese, Türkmenistan üçin hakyky ruhy janlanyş başlandy diýip bolmaz” diýip, jogap berdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG