Sepleriň elýeterliligi

Arap Ligasy Siriýa boýunça täze planlary teklip etdi


22-nji ýanwarda Kairde Arap Ligasyna girýän ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň duşuşygynda Siriýadaky ýagdaýy kadalaşdyrmak üçin täze planyň kabul edilendigi habar berildi.

Bu plana laýyklykda, ýurduň prezidenti Başar al-Assad häkimiýeti öz orunbasaryna tabşyrmaly. Ýurtda möhletinden öň parlament hem prezidentlik saýlawlary geçirilýänçä, Siriýany dolandyrjak milli barlyşyk hökümeti döredilmeli.

Häzir Arap Ligasy Siriýadaky missiýasyny ýene bir aýa uzaltmak üçin Damaskyň rugsadyna garaşýar.

22-nji ýanwarda Saud Arabystany Arap Ligasynyň delegasiýasynyň düzüminde Siriýa iberen öz synçylaryny yzyna çagyrýandygyny mälim etdi.

Saud Arabystanynyň daşary işler ministri Saud al Faisal özleriniň bu hereketini Siriýanyň hökümetiniň ganly konflikti soňlamak boýunça Arap Ligasy tarapyndan öňe sürülen teklipleri düýpden ýerine ýetirmeýändigi bilen düşündürdi.
XS
SM
MD
LG