Sepleriň elýeterliligi

Ýemeniň prezidenti wezipesinden çekilip, ABŞ-a gidýär


22-nji ýanwarda Ýemeniň prezidenti Ali Abdylla Saleh wezipesinden çekilip, Birleşen Ştatlara bejerilmäge ugraýandygyny mälim etdi.

ABŞ-yň Döwlet departamenti hem ýurda gelmek üçin Ali Abdylla Salehe wiza berlendigini tassyklady.

Wezipesini terk etmezinden owal, Saleh ýurduň telewidiniýesynda çykyş edip, 33 ýyl ýurda ýolbaşçylyk eden döwri göýberen ýalňyşlyklary üçin halkdan ötünç sorady.

Ýemeniň oppozisiýasy bilen Ali Abdylla Salehiň özara gol çekişen ylalaşygynda Ýemeniň prezidenti wezipesinden çekilenden soň, onuň jenaýat jogapkärçiligine çekilmezligi şert edilip goýulýar.

21-nji ýanwarda Ýemeniň parlamenti Salihiň eldegrilmesizligini tassyklady. Bir ýyla golaý wagt bäri Salehiň režimine garşy dowam edýän protest çykyşlarynyň barşynda ýurtda ýüzlerçe adam öldürildi.
XS
SM
MD
LG