Sepleriň elýeterliligi

Ýewropa Bileleşigi Eýranyň nebitine embargo girizmek isleýär


23-nji ýanwarda Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri Eýrana garşy sanksiýalary berkitmek babatda maslahat geçirjekler.

Azatlyk Radiosynyň Brýusseldäki habarçysynyň beren maglumatyna görä, sanksiýalaryň çäginde Eýranyň nebitine embargonyň girizilmegine garaşylýar. Şeýle hem, Eýranyň Merkezi banky bilen iş salyşmazlyk sanksiýasy barada-da pikir alşyljakdygy aýdylýar.

Fransiýanyň daşary işler ministri Allan Juppe geçen hepde eden çykyşynda Eýrana garşy güýç ulanmagyň öňüni almak üçin ykdysady sanksiýalaryň güýçlendirilýändigini aýtdy.

Geçen anna güni Ýewropanyň hem ABŞ-nyň liderleri çykyş edip, Eýranyň gaýtadan gepleşiklere geçmegi üçin bu ýurda garşy basyşy artyrýandyklaryny nygtadylar.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton Eýranyň öz ýadro programmasyny dowam etdirip, gaty howply ýola düşýandigini duýdurdy.
XS
SM
MD
LG