Sepleriň elýeterliligi

Horwatlar Ýewropa Bileleşigine girmekligi oňladylar


Ýekşenbe güni Horwatiýada ýurduň Ýewropa Bileleşigine girip-girmezligi barada geçirilen referendumda ilatyň 66 prosenti ÝB-e girmegi goldap ses berdi.

Ýurduň Merkezi saýlaw komissiýasy referenduma ses bermäge hakly ilatyň 47 prosentiniň gatnaşandygyny habar berdi. Ýewropa Bileleşigi horwatlary referendumyň öňyn netijeleri bilen gutlady.

Geçen ýyl resmi Zagreb Ýewropa Bileleşigine girmek baradaky ylalaşyga gol çekipdi. Bu dokumente laýyklykda, Ýewropa Bileleşiginiň hemme agza ýurtlary ony makulllan halatynda, Horwatiýa 2013-nji ýylyň ýul aýynda Ýewropa Bileleşiginiň 28-nji agzasy hökmünde kabul edilmeli.
XS
SM
MD
LG