Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW: Türkmenistan repressiw ýurt bolmagynda galýar


23-nji ýanwarda adam hukuklary boýunça halkara “Human Rights Watch” gurmasynyň ýaýradan soňky ýyllyk hasabatynda Türkmenistan bilen bagly çap edilen maglumatda Türkmenistanyň iň repressiw ýurt bolmagynda galýandygy aýdylýar.

Hasabatda Türkmenistanda metbugatyň erkin däldigi, dini azatlyklaryň, adam hukuklarynyň köp halatda berjaý edilmeýandigi bellenilýar.

Şeýle hem, bu hasabatda BMG-niň Gynamalara garşy komitetiniň Türkmenistanda tussag edilýänlere ýowuz daramaklygyň giňden ýaýrandygy, tussaglaryň gynamalara sezewar edilýandigi, tussaglykdaky adamlaryň ýitirim bolýandygy baradaky maglumatlara alada bildirýandigi-de nygtalýar.
XS
SM
MD
LG