Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW: Türkmenistanda ýapyklyk dowam edýär


“Human Rights Watch” guramasynyň direktorynyň orunbasary Kerol Bogert Moskwada, metbugat konferensiýasynda täze hasabat barada gürrüň edýär. Moskwa, 23-nji ýanwar, 2012.
“Human Rights Watch” guramasynyň direktorynyň orunbasary Kerol Bogert Moskwada, metbugat konferensiýasynda täze hasabat barada gürrüň edýär. Moskwa, 23-nji ýanwar, 2012.

Adam hukuklaryny goraýjy “Human Rights Watch” guramasy 23-nji ýanwarda soňky ýylyň dowamynda dünýäde ynsan hukuklarynyň berjaý edilişiniň ýagdaýyna syn berip, hasabat ýaýratdy. “Dünýä Hasabaty-2012” atly 676 sahypalyk maglumatda 90-dan gowrak ýurtdaky ýagdaýa syn berlip, käbir ýurtlarda özgeriş bolan bolsa, käbirlerinde yza gaýdyşlygyň göze ilenligi bellenilýär.


“Human Rights Watch” guramasy geçen ýylyň esasy pozitiw wakasynyň arap ýurtlaryndaky rewolýusiýalar bolandygyny aýdýar. Guramanyň direktorynyň orunbasary Kerol Bogert arap ýurtlaryndaky syýasy öwrülişikleri ynsan hukuklary ugrundaky özgerişlik diýip atlandyrdy.

Ol: “Adamlar köçä çykmak bilen, bileleşmek, açyk gürlemek, din, saýlaw, öz hökümetlerini saýlamak baradaky azatlyklaryny talap etdiler. Bu ynsan hukuklary ugrundaky hakyky pozitiw ädim boldy” diýip belledi.

Muňa garamazdan, “Human Rights Watch” guramasy arap ýurtlaryndaky ýagdaý bilen baglylykda aladalanma hem bildirýär. Hasabatda bellenişine görä, bu ýurtlarda häkimiýet başyna gelen täze hökümetleriň öz raýatlarynyň hukuklaryny doly berjaý etmegi üçin halkara jemgyýetçiligi ýagdaýa uly üns bilen syn etmeli.

Türkmenistandaky ýagdaýa baha

“Human Rights Watch” guramasynyň wekili Kerol Bogert Merkezi Aziýa regionynda, şol sanda Türkmenistanda geçen ýylda gowulyga tarap özgerişligiň göze ilmänligini belledi.

Kerol Bogertiň bellemegine görä, Türkmenistanda syýasy özgerişlikler bolmady, graždan jemgyýetçiligi açyk hereket edip bilmedi, aýratynam, bu prezidentlik saýlawlaryna taýýarlyk görülýän döwürde has göze ilýär. HRW guramasynyň wekili: “Türkmenistanda oppozisiýa ýok, adamlar çykyş etmek we bileleşmek azatlyklaryndan peýdalanyp bilmeýärler, bar zat döwletiň berk gözegçiliginde saklanýar” diýip belledi.

Guramanyň hasabatynda geçen ýylyň dowamynda prezident G.Berdimuhamedowyň şahsyýet kultunyň güýçlenenligi, ýurtda syýasy partiýalaryň döremegi üçin mümkinçilikleriň berilmänligi, G.Berdimuhamedowyň ýurduň daşyndaky oppozisiýany saýlawlara gatnaşdyrmak barada beren wadasynda tapylmandygy bellenilip geçilýär.

Şeýle-de, bu hasabatda Türkmenistanda adamlaryň raýat azatlyklarynyň, metbugat we maglumat azatlyklarynyň, hereket we din azatlyklarynyň hem çäklendirilýänligi, ýurtda ýapyklygyň saklanýanlygy bellenilýär.

Mundan daşary, “Human Rights Watch” guramasynyň bu soňky hasabatynda Türkmenistanda hökümete degişli bolmadyk garaşsyz guramalaryň iş alyp barmagyna rugsat berilmeýän bir wagtynda, ýurduň raýatlarynyň daşary ýurtlaryň resmileri bilen duşuşmaklaryna-da ýol berilmeýändigi aýdylýar.

Şu wakalaryň hatarynda bu hasabatda 2011-nji ýylyň aprel aýynda Ýewropa Parlamentiniň resmi toparynyň Aşgabada saparynyň öňisyrasynda Türkmenistanda resmi hasaba alynmadyk gazaklaryň medeni jemgyýetiniň başlygy Bisengul Begdesenowyň tussag edilmegi, ýylyň dowamynda “Iýegowanyň şaýatlary” atly dini toparyň agzalaryna garşy basyşlaryň görkezilmegi, sentýabr aýynda Täjigistanda okaýan türkmen studentleriniň Türkmenistandan çykyp bilmänligi ýaly wakalar hem sanalyp geçilýär.

Açyklyga zerurlyk

“Human Rights Watch” guramasynyň direktorynyň orunbasary Kerol Bogertiň bellemegine görä, Türkmenistanda ynsan hukuklary bilen bagly ýagdaýyň gowulanmagy raýatlaryň söz azatlygyna ýol berilmeginden başlanmaly: “Ädilmeli ilkinji ädim söz azatlygyna hormat goýulmagydyr. Söz azatlygy bolmasa, raýatlar öz hökümetlerini açyk tanklyt edip bilmese, adamlaryň başga hukuklarynyň-da berjaý edilmegi örän kyn”.

Türkmenistandaky uly tutumly gurluşyklar sebäpli adamlaryň hususy emläginden mahrum bolmagy bilen bagly mesele, şeýle-de syýasy tussagyklyk, adamlaryň ýitirim edilmegi we türmelerdäki agyr şertler bilen bagly temalar hem HRW guramasynyň bu hasabatynda gozgalypdyr.

Hasabatda aýdylyşyna görä, 2011-nji ýylda BMG-niň gynamalara garşy komitetiniň Türkmenistan boýunça taýýarlan synynda ýurtda gynamalar we tussaglara ýaramaz daralmagy bilen bagly köpsanly wakalar-da anyklanypdyr.
XS
SM
MD
LG