Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda prezidentlige kandidatlar bilen duşuşyklar dowam edýär


Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň maglumatyna görä, Türkmenistanyň geljekki saýlawlarda prezidentlik üçin bäsleşjek kandidatlar bilen saýlawçylaryň duşuşyklary ýurduň dürli regionlarynda dowam edýär.

Şu gün Ahal welaýatynda Ýarmuhammet Orazgulyýewyň, Balkan welaýatynda Saparmyrat Batyrowyň, Daşoguz welaýatynda Esendurdy Gaýypowyň, Lebap welaýatynda Annageldi Ýazmyradowyň, Mary welaýatynda Gurbanmämmet Mollaniýazowyň öz saýlaw programmalary bilen saýlawçylaryň öňünde çykyş edýändikleri habar berildi.

Türkmenistan 12-nji fewralda geçiriljek prezidentlik saýlawlary üçin jemi sekiz kandidat resmi hasaba alyndy.
XS
SM
MD
LG