Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe Fransiýanyň täze kanunyna garşy çäreleri görjekdigini aýdýar


Şu gün Türkiýäniň daşary işler ministri Fransiýanyň senatynyň Osman imperiýasy zamanynda ermenilere garşy genosid edilendigini inkär etmekligi jenaýat diýip hasaplamak barada kanuny kabul eden ýagdaýynda muňa garşy täze jogap ädimlerini ätjekdigini duýdurdy.

Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutogly bu ädimler barada takyk maglumat bermekden saklandy.

Şu gün Fransiýanyň senatynda bu kanunyň taslamasy maslahata goýuldy. Bu kanunyň taslamasyna görä, ermenilere garşy genosid edilendigini inkär eden adama bir ýyl türme tussaglygy we 45 müň ýewro çenli jerime göz öňünde tutulýar.

Mundan ozal Fransiýanyň aşaky palatasy tarapyndan bu kanunyň tassyklanmagy sebäpli Türkiýe Fransiýadaky ilçisini konsultasiýa üçin yzyna çagyrypdy we harby, ykdysady hyzmatdaşlygyny wagtlaýynça togtadypdy.
XS
SM
MD
LG