Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýemeniň prezidenti Omandan Birleşen Ştatlara tarap ugrady


Wezipesinden çekilýän Ýemeniň prezidenti Ali Abdulla Saleh şu gün Omany terk edip, saglygyny bejertmek üçin ABŞ-a ugrady. Bu barada Ýemeniň resmi habar serişdeleri maglumat berýar.

Düýn Saleh ähli maşgala agzalary bilen Ýemeni terk etdi. Mundan bir gün öň Ýemeniň parlamenti ony sud yzarlamalaryndan ömürlik azat edýän karary kabul edipdi.

ABŞ Ali Abdulla Salehe şertli wizanyň berlendigi baradaky maglumaty şu gün tassyklady. Bu şerte görä, Saleh lukmanlaryň bejergisini alanyndan soň, ABŞ-ny terk etmeli.
XS
SM
MD
LG