Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda howpsuzlyk işgärleri oppozisiýanyň edarasyny barlaýar


Gazagystanyň howpsuzlyk gulluklary hasaba alynmadyk oppozision “Alga” partiýasynyň Alamtydaky edarasynda we onuň başlygynyň hem-de käbir aktiwistleriniň öýlerinde barlag geçirip başladylar.

“Alga” partiýasynyň agzalarynyň aýtmaklaryna görä, şu gün howpsuzlyk gullugynyň işgärleri partiýanyň agzalarynyň edara girmeklerine garşylyk görekzipdirler.

Habar agentlikleriniň partiýanyň bir aktiwistine salgylanyp ýaýradan maglumatyna görä, howpsuzlyk gulluklarynyň bu reýdi 16-njy dekabrda Žanaözen şäherinde ýüz beren ganly çaknyşyklary derňemek işleri bilen baglanyşdyrylýar.

“Alga” partiýasy 2005-nji ýylda gazak häkimiýetleri tarapyndan gadagan edilipdi. Onuň hasaba alynmazlygyny häkimiýetler bu partiýanyň agzalarynyň aglabasynyň Gazagystanyň raýaty däldigi bilen düşündirýärler.
XS
SM
MD
LG