Sepleriň elýeterliligi

Orsýet Eýrana garşy girizilen embargony goldamady


Orsýet 23-nji ýanwarda Brýusselde Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň daşary işler ministrleri tarapyndan Eýrana garşy sanksiýalaryň çäginde Eýranyň nebitine embargo girizilmegini goldamady.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow birtaraplaýyn sanksiýalaryň Eýranyň ýadro programmasy bilen bagly problemalary çözüp bilmejegini nygtady.

Täze sanksiýalara laýyklykda Ýewropa Bileleşiginiň çäginde nebit we nebit önümleri boýunça Eýran bilen täze şertnamalary baglaşmaklyk gadagan edilýar.

Nebit söwdasy boýynça ozalky baglaşylan şertnamalar bolsa 1-nji iýula çenli ýatyrylmaly. Orsýet bu sanksiýalary goldamady.
XS
SM
MD
LG