Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti Eýranyň wekili bilen Hazar meselesini maslahatlaşdy


23-nji ýanwarda Türkmenistanyň prezidenti Eýran Yslam respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary, eýran prezidentiniň Hazar bilen bagly meseleler boýunça ýorite wekili Mohammed Mehdi Ahunzadeni kabul etdi.

Bu duşuşygyň barşynda prezident Berdimuhamedow soňky döwür Hazar bilen bagly meselelerde köp öňegidişligiň gazanylandygyny aýdyp, Hazaryň hukuk durumy barada bir ylalaşyga gelmek üçin, bu ugurda konsultasiýalaryň dowam etdirilmeginiň möhümligini belläpdir.

Bu duşuşyga Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi Saýed Golpeýeganiniň hem gatnaşandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG