Sepleriň elýeterliligi

Täjigistanda neşe söwdasyna dahyllylykda ençeme resmi tussag edildi


Täjigistnda neşe gaçakçylygynda aýyplanyp, ýurduň Içeri işler ministrligindäki Neşä garşy göreş boýunça bölüminiň birnäçe ýokary derejeli resmisi tussag edildi.

Olaryň hatarynda Farhor regionynyň neşä garşy göreş boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Faridun Umarow hem bar. Ol Täjigistanyň Milli Howpsuzlyk Komitetiniň ýolbaşçysynyň birinji orunbasary Mansur Umarowyň dogany.

Şeýle hem, tussag edilenleriň arasynda ýurduň Içeri işler ministrliginiň neşä garşy göreş boýunça bölüminiň ýolbaşçysynyň bardygy aýdylýar.

Neşe gaçakçylygy bilen meşgullanýan bu jenaýatçy topara Faridun Umarowyň ýolbaşçylyk edendigi habar berilýär.

Adynyň agzalmagyny islemedik täjik resmisi bu jenaýatçy toparyň üstüniň şu aýyň başynda açylandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG