Sepleriň elýeterliligi

Sary getirme ýaýraýar: Howsalamy ýa-da reallyk?


"Daşoguzda soňky ýyllar ilatyň arasynda profilaktiki işleri amala aşyrýan gullugyň hyzmatynyň ýatyp galmagy hem sary getirme ýaly ýokanç keselleriň ösmegine sebäp bolýar".

"Daşoguzda soňky ýyllar ilatyň arasynda profilaktiki işleri amala aşyrýan gullugyň hyzmatynyň ýatyp galmagy hem sary getirme ýaly ýokanç keselleriň ösmegine sebäp bolýar".

Düýbi Wenada ýerleşýän adam hukuklary boýunça “Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň berýän maglumatyna görä, soňky wagtlar Türkmenistanyň demirgazygynda sary getirme keseli giň ýaýrapdyr.


“Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň maglumatyna görä, sary getirme keseli, esasan-da, Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje (öňki Ýylanly), Akdepe we Saparmyrat Türkmenbaşy etraplarynda giň ýaýrapdyr. Bu etraplarda maşgala lukmanlary her günde takmynan 10-12 näsagy hasaba alýar diýip “Türkmen inisiatiwasy” ýazýar.

Daşoguzda sary getirmäniň ýaýrandygyny welaýatyň merkezi keselhanasynyň lukmany hem tassyklaýar. Adynyň tutulmagyny islemedik şol lukmanyň aýtmagyna görä, şu ýyl welaýatda wirusly sary getirmä ýoluganlar geçen ýyldakydan köp däl. Bu kesel güýz we gyş aýlary ýüze çykýar.

Giň ýaýrandygyny-da tassyklaýarlar

Emma, Daşoguzyň Türkmenbaşy etrabynyň golaýyndaky Könürgençde işleýän başga bir ýerli lukmanyň sözlerine görä, golaýda bu etrapda sary getirme keseli giň ýaýrapdyr. Ol keseliň giň ýaýramagynyň sebäpleri barada şeýle diýdi: “Onuň iki sebäbiniň bolmagy mümkin. Birinjiden, lukmanlar gyzamyga garşy çagalara sanjym edenlerinde, ilki bilen olary medisina barlagyndan geçirmeli. Eger-de çagalar sowuklan bolsalar, onda olara bu sanjymy etmeli däl. Emma medisinanyň bu düzgüni berjaý edilmeýär we çagalar uçdantutma sanjym edilýär. Bu bolsa ilki bilen çagalarda sary getirmäniň döremegine sebäp bolup biler”.

Bu lukmanyň sözlerine görä, Daşoguzda soňky ýyllar ilatyň arasynda profilaktiki işleri amala aşyrýan gullugyň hyzmatynyň ýatyp galmagy hem sary getirme ýaly ýokanç keselleriň ösmegine sebäp bolýar.

Adam hukuklary boýunça “Türkmen inisiatiwasy”guramasynyň ýazmagyna görä, etraplardaky we welaýatyň merkezindäki umumy keselhanalaryň ýokanç keseller bölüminde sary getirmä ýoluganlaryň köpdügine garamazdan, olarda boş orunlar bar. Ýokanç keseller boýunça lukmanlaryň düşündirmegine görä, sary getirmä ýoluganlary mejbury ýagdaýda keselhana ýerleşdirip bolmaýar. Çünki köp adamyň keselini bejertmäge puly ýok.

Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabyndaky keselhanada işleýän we öz adynyň tutulmagyny islemedik bir lukman hem: “Biz sary getirmäniň alamaty bolan adama derrew ýokanç keseller bölümine ýerleşmek barada hat berýäris. Emma ýokanç keseller boýunça spesialiste diňe özüni bejertmek üçin puly bolanlar ýüzlenýärler” diýip, ýagdaýy düşündirdi.

Näme sebäp bolýar?

Lukmanlaryň pikiriçe, oba ýaşaýjylarynyň pulsuzlyk zerarly, arassaçylyga üns bermezligi, sary getirmä ýoluganlaryndan soň, doly bejergi alman, köpçülik ýerlerine barmaklary we jemgyýetçilik transportyny ulanmaklary ýaly ýagdaýlar ýokanç kesele ýoluganlaryň köpelmegine sebäp bolýar.

“Türkmen inisiatiwasy” guramasy sary getirmä ýoluganlaryň arasynda göwreli zenanlaryň we mekdep ýaşly çagalaryň köpdügini hem habar berýär.

“Keselhanada iýgi-içgiler, ýatýan ýeriň üçin pul tölemeli we däri-dermany hem özüň satyn almaly. Biz lukmanyň ähli bellän zatlaryny we maslahatlaryny öýde berjaý etmegi amatly gördük. Çünki, şeýtsek, keselhana garanyňda arzan düşýär” diýip, sary getirmä ýolugan, Daşoguzdaky 16-njy mekdebiň 3-nji klas okuwçysynyň ejesi Arzygül “Türkmen inisiatiwasy” guramasyna gürrüň beripdir.

“Wirusly sary getirmäniň ‘A’ görnüşi o diýen howply däl. Emma onuň ‘B’ we ‘C’ görnüşleri adam organizmi üçin örän howply” diýip, adynyň tutulmagyny islemedik daşoguzly lukman gürrüň berdi.

Özüni Gözel diýip tanadan we Orsýetde ýaşaýan türkmenistanly lukmanyň sözlerine görä, sary getirme keseline, esasan, elini yzygiderli ýuwmaýanlaryň we organizmi dürli kesellere garşylyk görkezmek mümkinçiligi pes bolan adamlaryň ýolukmagy mümkin.

Lukmanyň pikiriçe, sary getirmäniň öňüni almak üçin ilki bilen organizmiň garşylyk görkezişini ösdürmeli, arassaçylygyň düzgünlerini doly berjaý etmeli we laboratoriýalarda ganyň düzümini gowy barlatmaly.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG