Sepleriň elýeterliligi

“Freedom House”: Türkmenistanda Nyýazowyň mirasy saklanýar


“Freedom House” guramasynyň “Geçiş döwrüniň ýurtlary” proýektiniň direktory Silwana Habdank-Kolasžkowska.

“Freedom House” guramasynyň “Geçiş döwrüniň ýurtlary” proýektiniň direktory Silwana Habdank-Kolasžkowska.

19-njy ýanwarda düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän “Freedom House” guramasy “Dünýäde azatlyklaryň ýagdaýy 2012: Arap tolgunyşyklary we onuň global netijeleri” atly hasabatyny ýaýratdy.

“Freedom House” guramasynyň ýaýradan bu hasabatynda 2011-nji ýylda arap ýurtlarynda bolan halk rewolýusiýalarynyň, Sowet Soýuzy dargandan soň bolşy ýaly, repressiw ýurtlarda ýaşaýan ilatda optimistik duýgulary döredendigi aýdylýar. Bu hasabatda Türkmenistan ýene “ýaramazlaryň ýaramazy” diýlip atlandyrylýan iň repressiw ýurtlaryň hataryna girdi.

Azatlyk Radiosyndan Merdan Saryýew hasabatyň möhüm ugurlary, esasan hem onuň Türkmenistan bilen bagly maglumatlary barada “Freedom House” guramasynyň “Geçiş döwrüniň ýurtlary” proýektiniň direktory Silwana Habdank-Kolasžkowska bilen söhbetdeş boldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG