Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň ýaş futbolçylary 9-12-nji orunlar ugrunda bäsleşerler


Türkmenistanyň ýaş futbolçylary Sankt-Peterburgda geçýän Arkalaşygyň Kubogy ugrundaky ýaryşda 9-12-nji orunlar ugrunda bäsleşerler.

24-28-nji ýanwar aralygynda geçirilýän bu final oýunlarda türkmenistanly futbolçylar Gyrgyzystanyň, Estoniýanyň we Täjigistanyň komandalary bilen ýaryşarlar.

Mundan ozal Türkmenistanyň komandasy “A” toparda estoniýaly futbolçylar bilen ýaryşyp, olary 1-0 hasap bilen utupdy. Şu topardaky gazagystanly oýunçylar bilen duşuşykda türkmen futbolçylary 1-3 hasaby bilen utulypdy, orsýetli futbolçylar bilen bolsa oýun 0-0 hasap bilen tamamlanypdy.

Oýunlaryň umumy jemi boýunça Türkmenistanyň komandasy çärýek finala çykyp bilmedi.
XS
SM
MD
LG