Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan Fransiýanyň täze kanunyny “jynsparaz” diýip atlandyrdy


Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýyp Erdogan ermenilere garşy türkleriň genosid edendigini inkär etmekligiň jenaýat diýlip hasaplanmagy barada Fransiýanyň alyp barýan täze çärelerini diskrimininasiýa we jynsparaz diýip atlandyrdy.

Sişenbe güni eden çykyşynda Erdogan bu kanuna jogap edip, Türkiýäniň Fransiýa garşy yzygiderli çäreleri görjekdigini aýtdy.

Bu kanuna görä, ermenilere garşy genosid edilendigini inkär eden adama bir ýyl türme tussaglygy we 57 müň dollar jerime göz öňünde tutulýar. Indi kanunyň proýekti Fransiýanyň prezidenti tarapyndan tassyklanylmaly.
XS
SM
MD
LG