Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Gyrgyzystanda 400-den gowrak protestçi tussag agyzlaryny tikdi


Şu gün Gyrgyzystanyň türmelere gözegçilik edýän döwlet gullugynyň maglumatyna görä, açlyk yglan eden tussaglaryň 400-den gowragy agyzlaryny tikipdirler.

Mundan ozal bendiler türmelerde has giň azatlyklary talap edip, protest bildiripdiler. Bu protest 16-njy ýanwarda Bişkekdäki izolýatorlardan birinde tussaglaryň sakçylara garşy gurnan hüjüminden soň başlandy.

Şol wakadan bir gün soň häkimiýetler gozgalaňy basyp ýatyranynda, müňlerçe tussag açlyk yglan etdi.

Türmelere gözegçilik edýän döwlet gullugynyň başlygy Şeýşenbek Baýzakow häkimiýetleriň tussaglaryň talabyny ýerine ýetirmek meýliniň ýokdugyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG