Sepleriň elýeterliligi

Siriýa birnäçe arap döwleti bilen diplomatik dawa girdi


Şu gün Pars aýlagyndaky arap döwletleri öz synçylaryny Arap Ligasynyň Siriýadaky missiýasyndan çykarmak kararyna geldiler.

Bu beýanat bilen şu gün Bahrein, Katar, Kuweýt, Birleşen Arap Emirlikleri, Oman we Saud Arabystany çykyş etdiler.

Bu döwletler Arap Ligasynyň talaplarynyň hiç birini Siriýanyň häkimiýetleriniň ýerine ýetirmändigini aýdýarlar.

Bu beýanatda ozaly bilen Siriýada10 aý bäri dowam edýän zorlugyň bes edilmegi ugrunda geçirilmeli çäreler barada nygtalýar. BMG-niň maglumatyna görä, şu döwürde Siriýada bäş müňden gowrak adam öldi.
XS
SM
MD
LG