Sepleriň elýeterliligi

Arap Ligasynyň Siriýadaky missiýasynyň möhleti uzaldyldy


24-nji ýanwarda Siriýanyň hökümeti Arap Ligasynyň Siriýadaky missiýasyny 23-nji fewrala çenli uzaltmagy ylalaşdy. Bu barada Siriýanyň “Sana” habar gullugy maglumat ýaýratdy.

Maglumata görä, Siriýanyň daşary işler ministri Walid Muallem bu baradaky haty 24-nji ýanwarda Arap Ligasynyň ýolbaşçylaryna ýollapdyr.

Şol bir wagtyň özünde, 24-nji ýanwarda Bahrein, Katar, Kuweýt, Birleşen Arap Emirlikleri, Oman we Saud Arabystany öz synçylaryny Arap Ligasynyň Siriýadaky missiýasyndan çykarmak kararyna gelenliklerini yglan etdiler.

Bu döwletler Arap Ligasynyň talaplarynyň hiç birini Siriýanyň häkimiýetleriniň ýerine ýetirmändigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG