Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystanda doňuz dümewiniň mutasiýasy tapyldy


Gyrgyzystanyň Saglyk ministrliginiň maglumatyna görä, ýurduň Öş hem Bişkek şäherlerinde doňuz dümewiniň mutasiýa geçen görnüşi tapylypdyr.

Gyrgyzystanyň Saglyk ministrliginiň metbugat sekretary bu şäherleriň saglyk merkezlerinde barlanan adamlaryň 16%-de doňuz dümewiniň H3N2 görnüşiniň anyklanandygyny mälim etdi.

Häzir bu keseliň geçmek howpy ýokary bolan medisina işgärlerine doňuz dümewine garşy sanjymlaryň edilýändigi habar berilýär.

Käbir tassyklanmadyk maglumatlara görä, doňuz dümewi Gazagystanyň hem günortasyndaky Çimkent şäherinde birnäçe göwreli aýalda anyklanypdyr.
XS
SM
MD
LG