Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň prezidenti Obama ýyllyk ýüzlenme bilen çykyş etdi


24-nji ýanwarda ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama ýurduň telewideniýesinde halka eden ýyllyk ýüzlenmesinde ýurtdaky ykdysady deňsizligi tankytlap, ykdysadyýeti dikeltmek üçin zerur çäre görmegi planlaşdyrýandygyny aýtdy.

Prezident Obama ýurtda ykdysady adalatlylygyň dikeldilmegine, ýagny gazanç etmek mümkinçilikleriniň diňe baý gatlaga däl-de, hemme amerikalylara deň döredilmegine çagyryş edip, ýylda bir million dollardan köp gazanç edýan baý gatlaga salynýan salgydy ýokarlandyrmagy teklip etdi.

Amerikan lideri öz ýyllyk ýüzlenmesinde Waşingtonyň “Arap baharynyň” ideallaryny goldamagyny dowam etdirjekdigini-de mälim etdi. Ol Muammar Kaddafiniň öldürilmegine getiren wakalar barada durup geçdi we Siriýanyň prezidentine onuň režiminiň dargamagyna sanlyja günleriň galandygyny duýdurdy.

Eýran bilen bagly mesele barada-da durup geçip, prezident Obama ABŞ-nyň Eýranda ýadro ýaragynyň döredilmeginiň öňüni almak üçin bar bolan serişdelerden peýdalanmaga taýýardygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG