Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Awstraliýa Eýranyň nebitiniň embargosyna goşulýar


24-nji ýanwarda Awstraliýa Ýewropa Bileleşiginiň eýran nebitine girizen embargosyna goşulýandygyny mälim etdi. Bu barada Awstraliýanyň daşary işler ministri Londona edýan saparynda eden çykyşynda aýtdy.

23-nji ýanwarda Brýusselde kabul edilen täze sanksiýalara laýyklykda Ýewropa Bileleşiginiň çäginde nebit we nebit önümleri boýunça Eýran bilen täze şertnamalary baglaşmaklyk gadagan edilýär. Nebit söwdasy boýunça ozalky baglaşylan şertnamalar bolsa 1-nji iýula çenli ýatyrylmaly.

Eýranyň Daşary işler ministrligi bu sanksiýalara protest bildirip, Ýewropa Bileleşigine ýolbaşçylyk edýan Daniýadan öz ilçisini wagtlaýynça yzyna çagyrdy.

Eýranyň Nebit ministri Ýewropa Bileleşiginiň bu sanksiýalarynyň ýagdaýy üýtgetmejekdigine ynanýandygyny aýtdy we Eýranyň öz nebitini satmak üçin aňsatlyk bilen başga bazarlary tapjakdygyny nygtady.
XS
SM
MD
LG