Sepleriň elýeterliligi

Owganystanyň prezidenti Türkmenistana sapar edýär


24-nji ýanwarda Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý resmi sapar bilen Türkmenistana bardy. Ol bu saparyň barşynda Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen gepleşik geçirer diýlip garaşylýar.

Iki ýurduň liderleriniň duşuşygynyň dowamynda türkmen-owgan gatnaşyklaryna degişli meseleler bilen bir hatarda, trans-owgan gazgeçirijisi barada-da gürrüň ediljekdigi çaklanylýar.

Şeýle hem, türkmen-öwgan serhetýaka raýonlarynyň owgan tarapyndaky gaz ýataklarynyň özleşdirilmeginde Türkmenistanyň oýnajak roly bilen bagly meseläniň-de gozgalmagyna garaşylýar.

Türkmenistnyň resmi maglumatynda Türkmenistanyň prezidentiniň geçen ýyl gol çeken kararyna laýyklykda, Owganystana ekport edilýän elektrik togunyň möçberini 5 esse artdyrmaga mümkinçiligiň dörejekdigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG