Sepleriň elýeterliligi

W.Putin migrasiýa düzgünlerini berkitmek isleýär


W.Putin: “Açyk aýdalyň, şu günki gün hem daşarky, hem Orsýetiň öz içindäki migrasiýa bilen bagly köp zatlar graždanlaryň gaharyny getirýär, jynyny atlandyrýar".

W.Putin: “Açyk aýdalyň, şu günki gün hem daşarky, hem Orsýetiň öz içindäki migrasiýa bilen bagly köp zatlar graždanlaryň gaharyny getirýär, jynyny atlandyrýar".

Orsýetde 4-nji martda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynda esasy dalaşgärleriň biri premýer-ministr Wladimir Putin “Nezawisimaýa gazetada” çap edilen nobatdaky makalasynda köpmilletli Orsýetde milletçilik, etnigara gatnaşyklar, migrasiýa ýaly meselelere ünsi çekip, bu problemalary çözmegiň ýollary barasynda öz garaýyşlaryny beýan edipdir.

Wladimir Putiniň 23-nji ýanwarda “Nezawisimaýa gazetada” çap edilen nobatdaky makalasynyň giriş bölegi.

Wladimir Putiniň 23-nji ýanwarda “Nezawisimaýa gazetada” çap edilen nobatdaky makalasynyň giriş bölegi.

W.Putiniň makalasynda: “Açyk aýdalyň, şu günki gün hem daşarky, hem Orsýetiň öz içindäki migrasiýa bilen bagly köp zatlar graždanlaryň gaharyny getirýär, jynyny atlandyrýar. Biz döwletiň migrasiýa baradaky syýasatynyň hilini ýokarlandyrmaly. Biz bu meseläni çözeris” diýlip nygtalýar. Azatlyk Radiosy migrasiýa barada Orsýetde göz öňünde tutulýan reformalaryň geljekde bu ýurtdaky türkmen raýatlaryna ýetirmegi mümkin täsirleri barada türkmenistanly ýurist Ýewgeniý Greçuhin bilen gürrüňdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Ýewgeniý, eger Orsýetde migrasiýa meselesi Putiniň aýdyşy ýaly terzde çözülse, ol bu ýurtda ýaşaýan türkmenlere nähili täsir ýetirip biler?

Ý.Greçuhin: Meniň Moskwada, ondan uzaklarda ýaşaýan türkmenlere edýän synyma görä, bu aýdylýanlar türkmenlere degişli bolmaz. Türkmenler ,esasan, Stawropol ülkesinde hem Astrahanda köplük bolup ýaşaýarlar. Olar ýüzýyllyklar bäri şol ýerde ýaşaýarlar. Orsýetiň raýatlarynyň “gaharyny getirýän” diýilýän etniki toparlar— demirgazyk kawkazlylar. Meniň pikirimçe, bu meselede merkezi aziýalylara nägilelik ýok. Meniň bilşime görä, türkmenler Orsýetde özlerini kemsidilen hasaplamaýarlar.

Azatlyk Radiosy: Makalasynda Putin migrasiýa bilen bagly berk kanunlary kabul etmegi teklip edýär. Eger ýagdaý edil Putiniň isleýşi ýaly bolsa, ol türkmenistanly migrantlara täsir ýetirip bilermi?

Ý.Greçuhin: Özbegistandan, Gyrgyzystandan Orsýete barýan migrantlaryň akymy ýaly akym Türkmenistandan ýok. Şonuň üçin, ol türkmenistanlylara juda az täsir ýetirer.

1999-njy ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistan GDA ýurtlarynyň wizasyz giňişlik baradaky Bişkek şertnamasyndan çykýandygyny yglan etdi. Şondan soň Orsýete barýan türkmenistanlylaryň sany juda azaldy. Ondan öň Orsýete Türkmenistandan göçüp baranlar ýurtda gowy ornaşdylar. Olar, esasan, ýokary hünärli wraçlar, mugallymlar, inženerler, nebit-gaz pudagynyň işgärleri, alymlar bolup, baran ýerinde islenýän adamlar bolup çykdy. Olar tiz ornaşdylar.

Ýöne başga bir ýagdaý geň galdyrýar. Orsýetiň hökümetiniň wekili jenap Borşewskiý hepdäniň sişenbe güni “Eho Moskwy” radiosynda çykyş edip, “Täjigistanyň döwlet býujetiniň ýarsyny Orsýetden zähmet migrantlary ýurduna iberýär. Türkmenistanly türkmenlerem ýurduna köp pul ugradýarlar” diýdi. Onuň pikiriçe, hamala, şol pullaryň hasabyna Türkmenistan ösýärmiş. Muny eşitmek nähili ýakymsyz. Jenap Borşewskiý bu zatlara düşünmeýän bolarly.

Azatlyk Radiosy: W.Putiniň makalasynda bellemegine görä, Orsýete gelen migrantlar rus dilinden, edebiýatyndan ekzamen tabşyrmaly, rus medeniýetine gatylyp- garylmaly. Siz şu barada nähili pikir edýärsiňiz?

Ý.Greçuhin: Meniň jenap Putine şeýle bir sorag beresim gelýär: Orsýet graždanlarynyň hemmesi rus dilini, taryhyny, kanunçylygyny kämil bilýärlermi? Men ruslaryň özleriniň sowatsyz ýazýanyny bilýärin ahyryn.

Putin rus diliniň beýle öwrenilmegini isleýän bolsa, näme üçin prezident wagty Aşgabada baranda, ýeke-täk Puşkin adyndaky mekdebi deňi-taýy bolmadyk hadysa atlandyrdy. Türkmenistanda türkmen dili, edebiýaty, taryhy hökman öwrenilmeli, oňa söz ýok, ýöne şonuň ýanyndan Orsýetiň programmasynyň öwrenilmegini isleýän bolsa, näme üçin Putin , meselem, Aşgabatda , hiç bolmanda bäş sany, her welaýat merkezinde bir bilelikdäki mekdep açyp, ony maliýeleşdirmeýär?!

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda häzir işsizligiň ýokarydygy barasynda dürli çeşmelerden maglumatlar bar. Siziň getiren faktlaryňyzdan çykýan netije: Orsýet bilen Türkmenistanyň arasyndaky wiza režimi türkmenistanly immigrantlaryň Orsýetde az bolmagyna ýa-da asla bolmazlygyna sebäp bolýar. Mundan kim utýar—Orsýetmi ýa Türkmenistan?

Ý.Greçuhin: Bu ýerde ozaly bilen adamlaryň erkin baryp-gelmek hukugy bozulýar. Eger erkin baryp-gelmäge türkmenistanlylaryň hukugy bolanlygynda, olar başga ýerden iş tapmak, ýagny öz ýurdundakydan gowy gazanç etmek mümkinçiligine eýe bolardylar.

Şol wiza režimi Türkmenistandaky kompaniýalarda işlemäge barmakda orsýetli spesialistlere-de wiza almakda böwet bolup dur. Bu ýagdaý Orsýetiňem, Türkmenistanyňam peýdasyna däl.
XS
SM
MD
LG