Sepleriň elýeterliligi

Täjigistanyň prezidenti ýaranjaňlyga garşy


Prezident Emomaly Rahmon: “Şu günki maslahata gatnaşýan etrap we welaýat häkimleri, ýaranjaňlygy bes ediň! Biz welaýatlara sapara baranymyzda, adamalar bize arz edýärler..."

Prezident Emomaly Rahmon: “Şu günki maslahata gatnaşýan etrap we welaýat häkimleri, ýaranjaňlygy bes ediň! Biz welaýatlara sapara baranymyzda, adamalar bize arz edýärler..."

Täjigistanyň prezidenti Emomaly Rahmon geçen hepde geçirilen hökümet maslahatynda ýurduň emeldarlaryny ýaranjaňlykda günäledi. Ol emeldarlara ýüzlenip: “Şu günki maslahata gatnaşýan etrap we welaýat häkimleri, ýaranjaňlygy bes ediň! Biz welaýatlara sapara baranymyzda, adamalar bize arz edýärler. Ýere düşeljek haly üçin pul, gül üçin pul, oturylyşyk üçin pul, jübilerimizi boşadýarlar diýip, arz edýärler. Bu näme boldugy?! Artykmaç çykdajy gerek däl. Bes ediň! Men özümi öňaýsyz duýýaryn” diýip, gatyrgandy.

Täjigistanyň prezidenti öňem birnäçe gezek şoňa menses çykyşlar edipdi. Ol öz golastyndaky emeldarlardan öz aýagynyň aşagyna gül düşemek ýaly çärelerini bes etmeklerini talap etdi. Prezidentiň sözlerine görä, onuň talaby ýerine ýetirilmeýär. Emma oňa garamazdan, bu buýrugy ýerine ýetirmändigi üçin heniz emeldarlardan hiç birine temmi berilmedi.

Adaty raýatlar kösenýärler

Prezident Emomaly Rahmonyň şäherlere ýa-da welaýatlara saparyna ýerli emeldarlar öňünden ýörite taýýarlyk görýärler. Emeldarlar prezidentiň nazaryna ilmek üçin, bu çärä mekdep okuwçylaryny, daýhanlary we telekeçileri-de çekýärler. Beýle çärelerde onlarça metr ýere gyzyl halylar we dürli reňkdäki güller düşelýär.

Şeýle çäreleriň birine gatnaşan Rudaki etrabynda ýaşaýan telekeçilerden biri Täjigistanly emeldarlar prezidentiň nazaryna ilmek üçin, bu çärelere mekdep okuwçylaryny, daýhanlary we telekeçileri-de çekýärler.

Täjigistanly emeldarlar prezidentiň nazaryna ilmek üçin, bu çärelere mekdep okuwçylaryny, daýhanlary we telekeçileri-de çekýärler.

Hoşimjon Buriýew prezidenti garşy almak çärelerine sarp edilýän harajatlaryň, esasan, ýönekeý raýatlardan alynýandygyny aýdýar: “Etrapda ekerançylyk ýerleri bar adamlar bar – puly şolardan alýarlar. Dükany barlar bar – şolardan pul alýarlar. Häkimiýetleriň özlerinde bu işler üçin ýörite fond bolmasa, başga kimden alsynlar?! Kämahal bir kilometre çenli haly düşeýärler. Bu çäreleriň hemmesini ýatyrmaly. Bize artykmaç çykdajy bolýar”.

Emma Sogd welaýatyndan adynyň efirde tutulmagyny islemedik emeldarlaryň biri bu telekeçiniň aýdanlaryny bilen yalaşmaýar: “Adamlar bu işleri öz territoriýamyzda utançly bolup galmalyň diýip edýärler. Olary hiç kim mejbur edenok. Abraýymyzy gaçyrmaly diýip, özümiz edýäris. Biz ‘Sen ony edersiň, sen muny edersiň’ diýip, öz aramyzda ylalaşýarys. Her kim özüniň başarýan zadyny edýär. ‘Pul gitse, gitsin, emma abraý gitmesin’ diýip edýäris”.

“Patyşa Allanyň ýerdäki wekili”

Täjigistanly garaşsyz analitik Rajabi Mirzonyň sözlerine görä, “Patyşa Allanyň ýerdäki wekili” diýen düşünje Merkezi Aziýanyň ähli halklarynyň arasynda bar. Onuň pikiriçe, hususan-da, bu düşünje täjigistanlylyaryň ganyna siňen.

Ol: “Ýöne şeýle çäreler bilen emeldarlar özleriniň döwlet baştutanyna öz wepalylygyny görkezmek isleýärler. Onsoňam, kiçi emeldarlar bu ýaranjaňlygyň awtoritar döwlet baştutanlarynyň göwnünden turjakdygyny bilýärler. Şol sebäpli olar bu däbi dowam etdirýärler” diýip, bu ýagdaýy düşündirdi.

Ýene-de bir täjigistanly syýasy analitik Rahmatullo Zoirow prezident Emomaly Rahmonyň sözleriniň öz edýän işine gabat gelmeýändigini aýdýar. Zoirow: “Eger-de prezidentiň aýdýanlary edýän işine gabat gelsedi, şu mahala çenli birki emeldar buýrugy ýerine ýetirmändigi üçin jezasyny alardy. Gynanasak-da, prezidentiň bu aýdanlary ýöne bir halka gowy görünmek üçin aýdylan zatlar” diýdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG