Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kitaphanalardaky ümsümlik


Aşgabatdaky Milli kitaphananyň öňündäki arhitektura arkasy. Aşgabat, 23-nji ýanwar, 2012.
Aşgabatdaky Milli kitaphananyň öňündäki arhitektura arkasy. Aşgabat, 23-nji ýanwar, 2012.
Aşgabatda daşy mermer bilen örtülen Türkmenistanyň Milli kitaphanasynyň ägirt uly binasynyň äpet gapylaryny açanyňda, ilkibada özüňi gymmatbahaly myhmanhana giren ýaly duýýarsyň.

Bu kitaphanada okyjylara hyzmat edilişi hem şol myhmanhanalardakydan pes däl. Gyşyna ýyly, tomsuna salkyn okalga zallary ýörite ýyladyş we sowadyş sistemalary arkaly kadalaşdyrylýar. Kitaphanada internet-kafe işleýär. Kitaphananyň belli-belli ýerlerinde goýlan kompýuterlerden hem elýeter bahadan peýdalanmaga mümkinçilik bar.

Aşgabatdaky bu Milli kitaphananyň audio-wizual fondundan peýdalanmak üçin kitaphana ýörite tehniki serişdeler bilen-de üpjün edilipdir. Şeýle-de, okyjylar elektron katalogdan peýdalanyp bilýärler.

Okyjylar göze ilmeýär

Göräýmäge bu kitaphana özüniň içerki we daşky durky hem-de hödürleýän mümkinçilikleri bilen islendik kitaphanadan kem däl. Ol ýerde hemme zat ýerbe-ýer. Emma onda bir zat welin ýetenok, ol hem kitabyň gözleginde aňryk-bärik aýlanyp
Aşgabatdaky Milli kitaphananyň okalga zalyndaky boşlugy görkezýän bir görnüş. Aşgabat, ýanwar, 2012.
Aşgabatdaky Milli kitaphananyň okalga zalyndaky boşlugy görkezýän bir görnüş. Aşgabat, ýanwar, 2012.
ýören kitap okyjylary.

Kitaphananyň adynyň agzalmagyny islemedik bir işgäriniň aýtmagyn görä, bu diňe şu güne mahsus bir ýagdaý däl. Bu kitaphana köpünden her gün 15-20 töweregi okyjy gelýär.

Birnäçe ýyl dowam eden bu kitaphananyň gurluşygy täze prezident häkimiýet başyna geçensoň, aradan köp wagt geçmän tamamlanypdy we ol 2007-nji ýylda ulanyşa berlipdi. Kitaphanada bir wagtyň özünde 1100 okyjyny kabul etmäge mümkinçilik bar.

Jemi 75 million dollar serişde bilen gurlan bu kitaphanada, göräýmäge, kitabam kemçilik etmeýän ýaly. Kitaphananyň işgäriniň aýtmagyna görä, edil häzirki döwürde kitaphanada 5 million töweregi kitap bar. Kitaphananyň mümkinçiliginden peýdalanmagam juda aňsat.

“Kitaplaryň aglabasy sowet döwründe toplanan rus dilindäki kitaplar. Garaşsyzlyk döwründe çap edilen kitaplaryň sany örän az. Daşary ýurtlardanam o diýen kitap gelmeýär” diýip, Milli kitaphananyň işgäri belledi. Kitaphananyň işgäriniň aýtmagyna görä, kitaphanada iňlis, fransuz we nemes dillerinde çäp edilen kitaplaram bar, emma olaryň sany 100 müňden geçmeýär.

“Kitaphananyň daşary ýurt neşirleriniň fondy, esasan, daşary ýurt guramalarynyň sowgat beren kitaplary ýa-da Aşgabatda her ýyl geçýän halkara kitap sergisine gatnaşýan neşirýatlaryň sowgatlaryndan ybarat. Kähalatda, bu sergä gatnaşýan daşary ýurt neşirýat kompaniýalaryna sergä getiren kitaplaryny kitaphanalara sowgat etmeklik talap edilýär” diýip, kitaphananyň işgäri söhbetdeşliginde belledi.

Neşir işleri peseldi

Kitaphananyň işgäriniň bu sözlerini ýurtda neşirýat işleri bilen bagly statistiki maglumatlar hem belli bir derejede tassyklaýar. Türkmenistanyň statistika baradaky
Aşgabatdaky Milli kitaphananyň okalga zalyndaky boşlugy görkezýän bir görnüş. Aşgabat, ýanwar, 2012.
Aşgabatdaky Milli kitaphananyň okalga zalyndaky boşlugy görkezýän bir görnüş. Aşgabat, ýanwar, 2012.
Döwlet komitetiniň ýyllyk statistiki maglumatlaryna görä, 1990-njy ýylda ýurtda 759 sany kitap we kitapçalar neşir edilen bolsa, 2009-njy ýylda bary-ýogy 221 sany kitap we kitapçalar neşir edilipdir.

Neşir edilen şol kitaplaryň aglabasy hem okuw kitaplary ýa-da ýurdy dolandyrýan syýasy režimiň syýasy-ideologik propagandasyna gönükdürilen mazmundaky kitaplardan ybarat. Olaryň arasynda “Ruhnama” hem-de soňky döwürlerde çap edilen Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary bar.

Adynyň agzalmagyny islemedik aşgabatly bir ýazyjynyň aýtmagyna görä, ylmy-populýar we çeper eserler häzirki döwürde Türkmenistanda ýok diýen ýaly, režimi wasp etmeýän kitaplaryň çap edilmegine ýurtda henizem ýol berilmeýär, türkmen ýazyjylarynyň daşary ýurtlarda çap edilen ýek-tük kitaplaryny hem ýurda getirmek kyn.

Başga-da sebäpleri bar…

Aşgabatdaky Milli kitaphana gelýän adamlaryň sanynyň azlygynyň sebäbi diňe bir täze kitaplaryň ýetmezçiligi bilenem bagly däl. Kitaphananyň şäheriň merkezinden uzakda ýerleşmegi hem okyjylaryň kitaphana gelmegine kynçylyk döredýär.

Bu ýagdaýdan kösenýänlerden biri-de Aşgabadyň 47 ýaşly ýäşaýjysy Gurbangeldi.
Ol: “Öň Milli kitaphana şäheriň merkezinde ýerleşýärdi. Kitaphana şäheriň islendik ýerinden arkaýyn baryp bolýardy. 5 ýyl mundan ozal kitaphana täze bina göçensoň, bu ýagdaý kynlaşdy” diýip, ýagdaýy düşündirdi.

Aşgabatda ýerleşýän ençeme kitaphanalaryň ýagdaýy Türkmenistanyň Milli kitaphanasynyňkydan tapawutly däl. Täze hökümet öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň döwründe ýapylan kitaphanalary dikeltdi. Emma, aşgabatly ýazyjynyň aýtmagyna görä, kitaphanalary terk eden okyjylary yzyna getirmek welin o diýen aňsat bolmajak ýaly.
XS
SM
MD
LG