Sepleriň elýeterliligi

logo-print

G.Ýawlinskiniň saýlawlara goýberilmezligi mümkin


Orsýetiň oppozision “Ýabloko” partiýasyndan prezidentlige dalaş etmek isleýän Grigoriý Ýawlinskiý öz goldawçylaryndan toplan gollaryny Merkezi saýlaw komissiýasyna hödürleýär. Moskwa, 18-nji ýanwar, 2012.

Orsýetiň oppozision “Ýabloko” partiýasyndan prezidentlige dalaş etmek isleýän Grigoriý Ýawlinskiý öz goldawçylaryndan toplan gollaryny Merkezi saýlaw komissiýasyna hödürleýär. Moskwa, 18-nji ýanwar, 2012.

Sişenbe güni Orsýetiň Merkezi saýlaw komissiýasy oppozision “Ýabloko” partiýasyndan prezidentlige dalaş etmek isleýän, bu partiýany esaslandyryjy Grigoriý Ýawlinskiniň öz goldawçylaryndan toplan gollary barada gelen deslapky netijesini yglan etdi.

“Talabalaýyk däl”

Merkezi saýlaw komissiýasynyň “Ýabloko” partiýasyna gowşuran dokumentinde aýdylmagyna görä, G.Ýawlinskiniň toplan gollarynyň köp bölegi resmi ýagdaýda ykrar edilmeýär. Has takygy, komissiýanyň maglumatyna görä, Grigoriý Ýawlinskiniň toplan gollarynyň 26 prosent çemesi “talabalaýyk däl” diýlip hasaplanylýar.

Orsýetiň kanunyna görä, toplanan gollaryň kabul edilmegi üçin olaryň azyndan 95 prosenti “talabalaýyk” diýlip hasaplanylmaly. Indi, kanuna görä, iki günüň dowamynda oppozision “Ýabloko” partiýasy ýa-da Ýawlinskiniň özi Merkezi saýlaw komissiýasyna nägileligini we ykrar edilmedik sesleriň hakykydygy baradaky subutnamalary hödürläp bilýär.

Merkezi saýlaw komissiýasynyň sekretary Nikolaý Konkin Ýawlinskiniň ýygnan gollaryny barlan işçi toparynyň şu ýüze çykarylan kemçiliklere laýyklykda, Merkezi saýlaw komissiýasyna Ýawlinskini 4-nji martdaky prezidentlik saýlawlaryna dalaşgär hökmünde hasaba almazlygy teklip edendigini tassyklady.

Orsýetiň prezidentlik saýlawlary baradaky kanunyna görä, dalaşgär bolmak isleýänler özüni resmi taýdan hasaba aldyrtmak üçin azyndan 2 million saýlawçynyň goluny toplamaly. Ýawlinskiniň 2 million 132 müň goly toplandygy aýdylýar.

Ýawlinskiý ylalaşmaýar

23-nji ýanwarda Moskwada gurnalan metbugat konferensiýasynda eden çykyşynda Grigoriý Ýawlinskiý özüniň oppozision pozisiýasy zerarly özüni Orsýetdäki prezidentlik saýlawlaryna dalaşgär hökmünde hasaba almaýandyklaryny aýtdy.

Ol: “Bu mesele doly syýasy häsiýetli we onyň maksady Orsýetde bolýan wakalar bilen ylalaşmaýanlary, Orsýetiň geljeginiň açyk, demokratik we döwrebap bolmagyny isleýänleri şeýle syýasy kararlar bilen saýlawlara goýbermezlik“.

Ýawlinskiniň bellemegine görä, “Ýabloko” partiýasy saýlawlara ýüzlerçe we müňlerçe synçyny resmi hasaba aldyrmak isleýär. Onuň pikiriçe, hut şu hem özüni Kremliň saýlawlara resmi hasaba almakdan ýüz öwürmegine bir sebäp bolan bolmagy mümkin. Ol: “Bu dolulygyna syýasylaşdyrylan karar. Ol kararyň toplanan gollara ýa-da olaryň hiline hiç hili dahyly ýok” diýdi.

“Ýabloko” partiýasynyň resmisi Sergeý Iwanenkonyň aýtmagyna görä, Ýawlinskiniň ýygnan gollarynyň ählisi hakyky. Resmileriň registrasiýa üçin zerur bolan 2 million goly ýygnamaga bary-ýogy 20 gün berendiklerine garamazdan, Ýawlinskiý zerur gollary ýygnapdyr.

4-nji martdaky prezidentlik saýlawlaryna dalaşgär bolmak isleýän Irkutsk oblastynyň gubernatory Dmitriý Mezentsewiň arzuwynyň hem sorag astyndadygy aýdylýar.

Oppozision “Ýabloko” partiýasynyň Merkezi saýlaw komissiýasyndaky agzasy Ýelena Dubrowinanyň aýtmagyna görä, Dmitriý Mezentsewiň toplan gollarynyň 10 prosenti “talabalaýyk däl” gollar hökmünde kabul edilmeýär. Orsýetli milliarder Mihail Prohorowyň hem dalaşgär bolmak arzuwynyň başa barmazlygynyň mümkindigi habar berilýär.

Prohorow öz blogunda Grigoriý Ýawlinskiniň saýlawlara dalaşgär hökmünde resmi taýdan hasaba alynmaýandygyna alada bildirýär. Ol: “Men hakyky bäsleşikli saýlawlara gatnaşmak isleýärin” diýip öz blogunda ýazýar.
XS
SM
MD
LG