Sepleriň elýeterliligi

Milliarder Mihail Prohorow dalaşgär hökmünde hasaba alyndy


25-nji ýanwarda Orsýetde milliarder Mihail Prohorow 4-nji marta bellenilen prezidentlik saýlawlaryna kandidat hökmünde resmi taýdan hasaba alyndy.
Bu barada Orsýetiň Merkezi saýlaw komissiýasy yglan etdi.

Mihail Prohorow Orsýetdäki häzirki syýasy sistemanyň raýatlaryň azatlygyny juda çäklendirýändigini aýyp, Orsýetde syýasy reformalaryň zerurdygyny nygtady.

Prohorowdan tapawutlykda, Orsýetdäki prezidentlik saýlawlaryna oppozision “Ýabloko” partiýasynyň lideri Grigoriy Ýawlinkiý hasaba alynmajagyna meňzeýar. Orsýetiň Merkezi saýlaw komissiýasy onuň goldawuna ýygnalan gollaryň örän köp bölegini “talabalaýyk däl” diýip hasap etdi.
XS
SM
MD
LG