Sepleriň elýeterliligi

Sergeý Lawrow: Siriýa garşy sanksiýalar netije bermez


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow BMG tarapyndan Siriýa garşy teklip ediljek “çem gelen” rezolýusiýa özleriniň garşy çykjakdyklaryny mälim etdi.

Sergeý Lawrow şeýle sanksiýalaryň adalatly bolmajagyny, olaryň ters netije berjegini belledi.

Şol bir wagtda, Siriýada heläk bolýan protestçileriň sany artýar. BMG-niň maglumatynda Siriýada geçen ýylyň mart aýynda başlanan protestlerde jemi 5 müňe golaý adamyň heläk bolandygy aýdylýar.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Orsýetiň we Hytaýyň garşy bolmaklary sebäpli, Siriýa garşy sanksiýalary kabul edip bilmän gelýar.
XS
SM
MD
LG