Sepleriň elýeterliligi

Gazagystanda 3 organ işgärine garşy jenaýat işi gozgaldy


Gazagystanda ýurduň Janaözen şäherinde protestçilere ok atanlykda aýyplanan 3 polisiýa işgärine garşy jenaýat işleri gozgaldy.

Bu barada çarşenbe güni giçlik ýurduň milli telewideniýesinda eden çykyşynda Gazagystanyň Baş prokurory Ashat Daulbaýew mälim etdi.

Şol bir wagtda-da, prokuror protestçileri öjükdirenlikde aýyplanyp oppozisiýanyň-da birnäçe wekiliniň tussag edilendigini aýtdy.

Düýn, Gazagystanyň Janaözen şäherinde bolan ganly wakalara ylaýk 40 gün boldy. Žanaözendäki waka Gazagystanyň garaşsyzlygynyň 20-nji ýyl dönüminiň bellenilen güni ýüze çykypdy. Şonda, protestler basylyp ýatyrylanda, resmi maglumata görä, azyndan 16 adam heläk boldy diýlip hasaplanýar.
XS
SM
MD
LG