Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň häkimiýetleri Moskwada uly ýörişiň geçirilmegine rugsat etdiler


Moskwada şäher häkimliginiň oppozisiýa 4-nji fewralda “Adalatly saýlawlar üçin” ady bilen ýoriş geçirmäge rugsat berendigi habar berilýar.

Bu barada “Çepçi front” oppozision hereketiniň lideri Sergeý Udalsow 25-nji ýanwarda giçlik mälim etdi. Moskwa şäheriniň wise-meri Aleksandr Gorbenko “Eho Moskwy” radiosy bilen söhbetdeşlikde bu ýörişiň geçirilmegine rugsat edendiklerini tassyklady.

Maglumata görä, bu ýörişe 50 müň adamyň gatnaşmagyna rugsat edilýar. Bu çäräniň Orsýetdäki prezidentlik saýlawlaryna bir aý galanda, 4-nji fewralda Moskwa wagty bilen gündiz sagat 12:00-den 15:00-a çenli geçjekdigi habar berilýar.
XS
SM
MD
LG