Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HZG dünýädäki iş bilen üpjünçilige baha berdi


Halkara Zähmet Guramasy: “Geljekki onýyllygyň dowamynda dünýäde 600 million iş ornunyň döredilmegine gaýragoýulmasyz zerurlyk bar”.
Halkara Zähmet Guramasy: “Geljekki onýyllygyň dowamynda dünýäde 600 million iş ornunyň döredilmegine gaýragoýulmasyz zerurlyk bar”.
Halkara Zähmet Guramasy “Iş bilen upjünçiligiň dünýä tendensiýasy 2012” ady bilen öz ýyllyk hasabatyny ýaýaratdy. Hasabatda geçen ýylyň dowamynda adamlaryň işlemek hukugynyň üpjun edilişi bilen bagly dünýädäki yagdaýlara syn edilip, baha berilýär.

Hasabata görä, geljekki onýyllygyň dowamynda dünýäde 600 million iş ornunyň döredilmegine, şeýle-de, işleýän, emma garyplyk derejesinden pes şertlerde ýaşaýan 900 million adam üçin has kadaly zähmet hakly iş orunlarynyň döredilmegine gaýragoýulmasyz zerurlyk bar. Hasabatda dünýädäki işsizlik ýagdaýyna regional derejesinde-de syn edilýär. Azatlyk Radiosy “Iş bilen upjünçiligiň dünýä tendensiýasy 2012” atly bu hasabatyň awtorlaryndan biri Ekkhard Ernst bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Halkara Zähmet Guramasy “Iş bilen upjünçiligiň dünýä tendensiýasy 2012” hasabatyny çap etmek bilen, öz öňünde nähili maksatlary goýýar?

Ekkhard Ernst: “Iş bilen upjünçiligiň dünýä tendensiýasy 2012” atly ýyllyk hasabatymyz dünýäde işsizligiň derejesine we adamlaryň iş bilen üpjün edilişine syn edýär. Geçen ýylda we, umuman, soňky 3 ýylda dünýäde işsizlik bilen bagly ýagdaýyň ýaramazlaşýandygyny görýäris. Biz bu ýagdaýyň ýurtlaryň ykdysady ösüşine we umumy içerki önümçilik derejesine täsir ýetirýänligine üns beriýäris we häzirki gidişine gitse, global ykdysady ýagdaýyň hasam ýaramazlaşyp biljegine ünsi çekmek isleýäris.

Azatlyk Radiosy: Merkezi Azia regionynda işsizlik bilen bagly ýagdaýa nähili baha berýärsiňiz?

Ekkhard Ernst: Merkezi Azia regionyndaky ýagdaý soňky ýyllarda biraz gowulanyp başlapdy. Emma häzirki wagtda global derejede ykdysady ýagdaýyň ýaramazlaşmagynyň bu regiona-da öz täsirini ýetirjegini çak edýäris.

Azatlyk Radiosy: Halkara Zähmet Guramasy ýyllyk hasabatyny taýýarlanda nähili maglumatlardan peýdalandy we nämä esaslandy?

Ekkhard Ernst: “Iş bilen upjünçiligiň dünýä tendensiýasy 2012” hasabatyny taýýarlanda Halkara Zähmet Guramasy, esasan, iş resurslary boýunça milli edaralaryň maglumatlaryny öwrendi we ykdysady ýagdaýlar boýunça geçirýän öz barlaglaryna esaslanýan sanlardan peýdalandy.

Azatlyk Radiosy: Hasabaty taýýarlanyňyzda, siz Merkezi Aziýa ýurtlary, bu ýurtlaryň hökümetleri we milli guramalary bilen-de işleşdiňizmi?

Ekkhard Ernst: Halkara Zähmet Guramasy tutuş dünýä ýurtlary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk alyp barýar. Dünýäniň dürli künjeklerinde, dürli ýurtlarynda biziň regional edaralarymyz bar. Biziň işgärlerimiziň ýarysy ýerlerde işleýär we dürli ýurtlaryň hökümetleri hem sosial edaralary bilen hyzmatdaşlyk alyp barýar. Şu sebäpden, biz ýurtlardaky zähmet şertleri we işsizligiň ýagdaýy barada maglumatalara eýe bolýarys.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan bilen nähili gatnaşyk alnyp barylýar?

Ekkhard Ernst: Men bu sowala edil häzir jogap berip biljek däl. Bu ýurt boýunça biziň regiondaky edaralarymyz iş alyp barýarlar. Şeýle edaralarymyz Moskwada we Özbegistanda işleýär. Adatça, biziň regional toparlarymyz ýurtlaryň resmileri bilen hyzmatdaşlyk alyp barýarlar. Şeýle işleriň geçirilmegi üçin ýurduň özünde edaranyň bolmagy hökman däl.
XS
SM
MD
LG