Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystanyň baş müftüsi humarhanalaryň ýapylmagyna çagyrýar


Gyrgyzystanyň baş müftüsi Çubak hajy Jalilow ýurtdaky ähli humarhanalaryň ýapylmagyna çagyryş etdi.

Baş müfti humar oýnamaly däldigi barada metjitlerde juma günleri okalýan hutbalarda wagyz etmeklige-de çagyryş etdi. Çubak hajy Jalilow Gurhanda humaryň haramdygynyň aýdylýandygyny ýatlatdy.

Gyrgyzystanyň hökümeti geçen ýylyň aýaklaryndan başlap, kazinolary ýapyp başlady. Munuň yzy bilen kazinolaryň eýeleri we olaryň ozalky işgärleri kazinolaryň açylmagyny talap edip demonstrasiýalar geçiripdiler.

Yslam ruhanylary kazinolaryň ýapylýandygy üçin demonstrasiýa geçirilmezligine-de çagyryş edýärler.
XS
SM
MD
LG