Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Žanaözendäki waka boýunça 4 polisiýa işgärine garşy derňew geçirilýär


Gazagystanda Žanaözen şäherinde bolan demonstrasiýada protestçilere garşy çakdanaşa güýç ulanandyklary üçin dört sany ýokary derejeli polisiýa işgäriniň üstünden derňew işi başlandy. Dekabr aýynda bolan şol gyrgynçylykda azyndan 16 adam ölüpdi.

Resmileriň maglumatyna görä, üç sany polisiýa işgäri ýöriş geçirýänlere garşy ok atmakda, ýene biri ýöriş geçiren bir adamy tä ölýänçä ýençmekde aýyplanýar.

Bu aralykda baş prokuror protest geçirýän işgärleri gazaplylyga itermekde aýyplanýan üç oppozisiýa syýasatçysynyň hem derňeljekdigini aýtdy. Bular hasaba alynmadyk “Alga” partiýasynyň başlygy Wladimir Kozlow, garaşsyz “Wzglýad” gazetiniň redaktory Igor Wenýatskiý we prezidentlige dalaşgärlik eden Serik Sapargaldyr.

Bu aktiwistleriň tussag edilmegini ÝHHG we ynsan hukuklaryny goraýjy toparlar tankytladylar.
XS
SM
MD
LG