Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda ýürek dermanyny ulanan 100-e golaý adam öldi


Pakistanda ýürek agyry üçin diýilýän nädogry bir dermany ulanandyklary sebäpli soňky üç hepdäniň dowamynda 100-e golaý adam öldi. Bu barada Paksitanyň resmileri habar berýär.

Maglumata görä, şeýle derman sebäpli onlarça adam keselhanada agyr ýagdaýda ýatyr. Adam pidalarynyň aglabasy ýurduň Lahor şäherinde hasaba alyndy. Ýerli resminiň sözlerine görä, ölenleriň aglabasy pukara adamlar bolup, olar ýerlerde öndürilen, mugtuna berilýän däri-dermany ulanypdyrlar.

Polisiýa bu dermanlary ýaýratmkda aýyplanýan üç farmasewtiki kärhanaynyň eýelerini tussag etdi.
XS
SM
MD
LG