Sepleriň elýeterliligi

Birleşen Milletler Guramasy Liwiýadaky ýagdaýlara alada bildirýär


Birleşen Milletler Guramasynyň resmileri Liwiýada söweşijileriň alyp barýan hereketleriniň alada goýýandygyny öňe aýdýarlar.

Bu beýanatdan öňinçä, Muammar Kaddafiniň arka dirän şäherlerinden biri bolan Bani-Walid şäherinde pidaly çaknyşyklar bolupdy.

BMG-niň Liwiýadaky wekili Ian Martin çarşenbe güni Howpsuzlyk Geňeşinde çykyş edip, ýurtda häzikri hökümetiň ýaragly toparlary bilen Kaddafiniň tarapdarlarynyň arasynda çaknyşyklaryň ýüz berýändigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG