Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Helmand welaýatynda janyndan geçen hüjümçi 4 adamy öldürdi


Penşenbe güni Owganystanyň günortasyndaky Helmand welaýatynda janyndan geçen bir hüjümçi özüni ulagda partladanda, azyndan 4 adam ölüp, 31 adam ýaralandy.

Welaýat häkiminiň metbugat wekili Dawud Ahmadiniň maglumatyna görä, partlamada ölenleriň ählisi owgan raýaty bolup, olaryň arasynda bir çaga hem bar.

Şeýle-de, penşenbe güni Kapisa welaýatynda Talyban söweşijileridir diýlip gümän edilýän adamlaryň atan raketa oklaryndan bir çagaly ene öldi, başga-da 7 adam ýaralandy. Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý hüjümi ýazgaryp beýanat ýaýratdy.
XS
SM
MD
LG