Sepleriň elýeterliligi

Nalçik şäherinde üç sany hüjümçi bir adamy öldürdi


Orsýeriň Kabardino-Balkariýa awtonom respublikasynyň paýtagty Nalçikde 3 sany näbelli hüjümçi ýerli mekdepleriň biriniň sport zalyna baryp, ol ýerdäki 7 adama hüjüm etdi.

Bu barada ýaýradylan maglumatda hüjümçileriň adamlaryň hemmesini ýere ýatyryp, olaryň ellerini daňandyklary aýdylýar.

Maglumata görä, hüjümçiler bu sport zalyndaky bir harby gyullukçynyň damagyny çalyp, ony öldüripdirler we wakanyň bolan ýerinden gaçyp gidipdirler. Jenaýatyň bolan ýerinde derňewiň geçirilýändigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG