Sepleriň elýeterliligi

Gazagystanda tussag edişlikler başlandy


Almaty şäheriniň ýerli sudunyň oňünde oppozision aktiwistleriň tussag edilmegine protest bildirilip gurnalan pikete gatnaşyjylardan biri şygar göterip dur. Almaty, 26-njy ýanwar 2012.

Almaty şäheriniň ýerli sudunyň oňünde oppozision aktiwistleriň tussag edilmegine protest bildirilip gurnalan pikete gatnaşyjylardan biri şygar göterip dur. Almaty, 26-njy ýanwar 2012.

25-nji ýanwarda giçlik Gazagystanyň telekanallarynda gidip duran gepleşikleriň arasy kesilip, teleýaýlymda ýurduň baş prokurorynyň möhüm beýanaty berildi.

Onda prokuror Ashat Daulbaýew 40 gün mundan ozal Žanaözen şäherinde bolan ganly wakalar boýunça geçirilen derňewlere esaslanyp, Gazagystanyň ilatyna maglumat berdi. Bu wakanyň fonunda bolsa, ýurtda başgaça pikirlenýänlere garşy basyşlaryň artýandygyny görmek bolýar.

Baş prokuroryň çykyşynda Žanaözendäki ganly wakada protestçilere ok atdy diýlen aýyplama bilen Gazagystanyň organ işgärleriniň üçüsiniň garşysyna jenaýat işiniň gozgalandygy aýdyldy.

Hakyky günäkärler kimler?

Ashat Daulbaýew protestçilere garşy ýarag ulananlaryň atlaryny hem agzady. Ol nebitçilere garşy ok atylmagyna jogapkärleriň Mangystau oblastynyň Içeri işler ministrliginiň ekstremizme garşy göreş boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Bagdabaýewdigini, Gazagystanyň Içeri işler ministrliginiň Žanaözen şäher bölüminiň başlygynyň birinji orunbasary Bakytkalyuludygyny we Içeri işler ministrliginiň Mangystau welaýat bölüminiň ýokary derejeli wekili Joldybaýewdigini köpçülige ýetirdi.

25-nji ýanwarda ABŞ-nyň ynsan hukuklary boýunça Helsinki Komitetinde Gazagystan bilen bagly ýagdaý dogrusynda ýörite diňlenişik hem geçirildi. Şol diňlenşikde ABŞ-nyň Gazagystandaky öňki ilçisi Wilýam Kortneý çykyş edip, bu polisiýa işgärlerine garşy derňew işleriniň aç-açan geçirilmändigini belledi.

Wilýam Kortneý: “Bu barada geçirilen derňewiň aç-açan bolmagy gaty möhüm. Şeýle bolmasa, gazagystanlylaryň köpüsini jogapkärçilige çekilen polisiýa ofiserleri hakykatdanam günälimi ýa-da olar has ýokary wezipedäkileriň günälerini ýapmak üçin gurban edilýärlermi diýen sowal alada goýýar” diýdi.

Gazagystanyň baş prokuroryöz çykyşynda Žanaözen wakasy bilen bagly ýurduň Içeri işler ministrliginiň Mangystau welaýat bölüminiň ýolbaşçysy Utegaliýewe garşy-da “wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi we özüniň garamagyndaky işgärleriň bikanun hereketleriniň öňüni almandygy üçin” jenaýat işiniň gozgalandygyny aýtdy.

Mundan daşary, Žanaözen şäheriniň derňew izolýatorynyň ýolbaşçysy Temirowyň hem bu şäheriň ýaşaýjysy Bazarbaý Kenjebaýewiň izolýatorda ýenjilip öldürilmegi bilen bagly bolan waka boýunça jogapkärçilige çekilendigi habar berildi.Temirow Bazarbaý Kenjebaýewiň bikanun tussag edilmeginiň öňüni almanlykda we, zerurlyk ýüze çykanda, ony keselhana ugratmanlykda aýyplanýar.

Oppozisiýa garşy basyşlaram güýçlenýär

Başda, Žanaözendäki wakalaryň yzysüre Gazagystanyň prezidenti we ýurduň içeri işler ministri diňe bidüzgünçilikleri gurnanlara hem-de polisiýa hüjüm edenlere garşy ok atylandygyny aýdypdylar. Emma, aradan kän wagt geçmän, Žanaözende polisiýa işgärleriniň gaçyp barýan protestçileri atandyklaryny we ýaradar bolup ýykylanlary rezin dürre bilen urandyklaryny görkezýän wideo ýazgylar internetde peýda boldy.

Gazagystanyň baş prokurory 25-nji ýanwarda eden çykyşynda opposiziýanyň käbir wekilleriniň ýurtda sosial agzalalygy döretmekde aýyplanýanlyklaryny-da mälim etdi. Olaryň arasynda oppozision aktiwistler bolan Serik Sapargaliniň, Wladimir Kozlowyň we Ayjangül Amirowanyň atlary agzaldy. Olar häzir tussaglykda saklanýarlar. Tussag edilenleriň arasynda oppozision “Wzglýad” gazetiniň baş redaktory Igor Winýawskiý hem bar.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň metbugat azatlygy boýunça wekili Dunýa Miýatowiç Igor Winýawskiniň azat edilmegini talap edip, ýörite beýanat ýaýratdy. “Human Rights Watch”, “Freedom House” ýaly adam hukuklary boýunça halkara guramalary-da gazak oppozisiýasyna, syýasy we graždan aktiwistlerine, žurnalistlere garşy gitdigiçe güýjeýän repressiýalary ýazgaryp çykyş etdiler.

Bu tussag edişlikleriň barşynda Gazagystandaky oppozision “Ruhaniýat” partiýasynyň öňki ýolbaşçysy, syýasatçy Serikžan Mambetalin özüniň tussag edilmeginden howatyrlanyp, Londona gaçdy. Ol Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde Gazagystanda oppozisiýa garşy repressiýalaryň güjeýändigini, şol sebäpli-de özüniň ýakyn wagtda ýurda dolanmak meýliniň ýokdugyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG