Sepleriň elýeterliligi

Azerbaýjan: Hazarda täze şäher gurulýar


"Ibragim Nährämli täze şäherde guruljak ýaşaýyş jaýlarynyň her kwadrat metriniň bahasynyň 3500 manada, takmynan 4500 amerikan dollaryna deň boljakdygyny çaklaýar".

"Ibragim Nährämli täze şäherde guruljak ýaşaýyş jaýlarynyň her kwadrat metriniň bahasynyň 3500 manada, takmynan 4500 amerikan dollaryna deň boljakdygyny çaklaýar".

Azerbaýjanyň paýtagty Bakudan 28 kilometr uzaklykdaky Garadag etrabynyň golaýynda, deňziň içinde täze bir şäher gurlar. Azerbaýjanyň häkimiýetleri “Hazar adalary” atly bu täze şäheri gurmak uçin ýörite emeli adalaryň dörediljekdigini yglan etdiler. Bu täze şäherde guruljak ýaşaýyş jaýlarynyň her kwadrat metriniň bahasynyň takmynan 4500 amerikan dollaryna deň boljakdygy çak edilýär.

Plana görä, Azerbaýjanyň paýtagtyndan 28 kilometr uzaklykda Hazar deňzindäki täze şäheriň çäginde 50 çemesi emeli ada dörediler. Ýerli metbugatyň ýazmagyna görä, täze guruljak şäheriň merkezinde beýikligi 1050 metrlik örän uly diň gurlar.

Eýýäm köp işler edildi

Häzir bu ýerde ilkinji işler alnyp barylýar we ýaşaýyş jaýlary gurulýar, ýollar çekilýär. Bu ýerde işleýän gurluşykçylaryň aýtmagyna görä, bu işler 2010-njy ýylda başlanypdyr. Baku-Astra gara ýoluna ýakyn ýola asfalt düşelipdir. Eýýäm deňziň şäher guruljak bölegi gum bilen doldurylyp başlanypdyr we ol ýene-de 8 kilometre uzalar.



Edil häzir deňziň gum bilen dolduryljak territoriýasynda birnäçe ýaşaýyş jaýy gurulýar. Şäheriň beýleki böleginde restoranlaryň, hyzmat ediş we dynç alyş merkezleriniň gurluşyklary tamamlanyp barýar.

Hazarda täze guruljak şäheriň umumy meýdanynyň 2 müň gektara deň boljakdygy habar berilýär. Ol adalaryň merkezindäki “baş” adadan we töwerekleýin adalardan, ýagny köp gatly ýaşaýyş jaýlaryndan we willalardan ybarat adalardan ybarat bolar. Bu şäheriň ýerleşjek toplumyny 20 çemesi köpri birleşdirer.

60 milliard dollara durar

Bakuwyň golaýyndaky täze şäheriň gurluşygyny “Awesta” atly bilelikdäki kompaniýa amala aşyrýar. Onuň başlygy Ibragim Nährämliniň gürrüň bermegine görä, täze şäheriň üç tapgyrda amala aşyryljak gurluşyk işlerine jemi 60 milliard dollar harçlanar: “Gurluşygyň birinji tapgyrda 12 milliard, ikinji tapgyrda 18 milliard we üçünji tapgyrda-da 30 milliard amerikan dollaryny sarp etmek göz öňünde tutulýar”.

Onuň ýene bellemegine görä, käbir ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy şu ýylyň ahyryna çenli tamamlanar. Ol: “Bu ýerde palma agaçlarynyň oturdylmagy şähere ajaýyp görk berer. Arap ýurtlaryndan getirilen palma agaçlary 100 ýyl ýaşaýar” diýip belledi.

Ibragim Nährämli häzirki gurluşyk işlerine 1 milliard manatdan gowrak puluň harçlanandygyny aýdýar. Käbir pikirlere görä, Hazar deňzindäki bu gurluşyklar amala aşyrylanda, ýer yranma ýaly tebigy howplar göz öňünde tutulmandyr. Ýöne Ibragim Nährämli bu garaýşy inkär edip, bu gurluşyklara başlamazlaryndan öň özleriniň ýörite döwlet edaralaryna ýüz tutandyklaryny aýdýar: “Biz seýsmologiýa institutyndan maglumatlary aldyk. Bize berlen netijeler örän gowy boldy”.

“Awesta” kompaniýasynyň başlygy Ibragim Nährämliniň sözlerine görä, bu ýerdäki galan işlere daşary ýurtly sermaýaçylary pul ýatyrarlar: “Bu ugurda Türkiýe, Birleşen Arap Emirlikleri, Saud Arabystany we Hytaý bilen gepleşikler dowam edýär”.

Ol täze şäherde guruljak ýaşaýyş jaýlarynyň bir kwadrat metriniň bahasynyň 3500 manada, takmynan 4500 amerikan dollaryna deň boljakdygyny çaklaýar. Ibragim Nährämli Hazar deňzindäki “Hazar adalary” atly täze şäheri gurmak baradaky ideýanyň Saud Arabystanyna sapar edende, hut özünde dörändigini aýtdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG