Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amerikanyň Birleşen Ştatlary harby çykdajylary kemeltmekçi


Amerikanyň Goranmak ministrligi özüniň gury ýer goşunlarynyň sanyny kemeltmek we täze harby uçarlary almak zakazlarynyň möhletini yza süýşürmek ýaly çäreleriň geçiriljekdigini mälim etdi.

Bu býujet çykdajylarynyň 2022-nji ýyla çenli 500 milliard dollar möçberinde kemeldilmegi üçin edilýär.

“Biz Birleşen Ştatlaryň täze goranmak strategiýasyny işläp düzmek mümkinçiligini we Amerikanyň harby güýçleriniň geljegini göz öňünde tutup, bu çäreleri geçirmegi karar etdik. Bu strategiýanyň netijesinde biz uly býujet çäklendirmelerini etmeli bolduk” diýip, Birleşen Ştatlaryň Goranmak sekretary Leon Panetta Pentagonda çykyş etdi.
XS
SM
MD
LG